info@nmyoly.com
|
+993 12 75 47 73
|
+993 63 40 60 13
info@nmyoly.com
|
+993 12 75 47 73
|
+993 63 40 60 13

Howa ýük gatnawy

Howa transporty müşderilerimize has tiz hyzmaty hödürleýär. Köp sanly ýüküň eltilmeginde gyssaglylygyň möhüm faktordygyny göz öňünde tutup, dünýäde her gün hyzmatlarymyzyň tizligini ýokarlandyrmaga kömek edýän hyzmatdaşlarymyzyň giň gerimi bar.

 

Nesiliň Miras Ýoly, ýüküňizi gerekli ýere eltmek üçin elmydama amatly logistika çözgüdini gözleýär. Wagt bilen puluň tygşytlanylmagyny üpjün edýäris. Howa ýük gatnawy uçar howpsuz ulag serişdesidir. Howa arkaly ýük daşamak gymmadyrakdyr, ýöne muňa garamazdan, käbir ýagdaýlarda uzak aralyklara seretmän gyssagly zerurlyklary kanagatlandyrmak ukyby bolsa, bu ulag görnüşini deňsiz-taýsyz edýär. Şonuň üçin Nesiliň Miras Ýoliniň müşderileriniň köpüsi bu ulag görnüşini saýlaýarlar.

 

Harytlaryňyzy eltmek üçin mümkin boldugyça gysga möhleti gözleýän bolsaňyz, halkara howa arkaly ýük gatnawy siziň üçin logistika çözgüdidir.

Zerur bolan halatynda, diňe Siziň ýüküňiz üçin uçar taýýarlap, gyssagly daşamak üçin ýükleriňiziň ileri tutulmagyny üpjün ederis. Beýle diýmek,  dartgynly pursatlarda we adaty ýük daşalanda ýüze çykýan giňişlik, ýer babatyndaky meselelerden gaça durup, harytlaryň uly tapgyrlaryny iberip biljekdigiňizi aňladýar.

Tejribeli tranzit hünärmenlerimiz, bar bolan dürli howa ugurlary boýunça dünýäniň islendik ýerine islendik ýük ibermäge Size kömek ederler.

Kömek gerek?

Biz bilen habarlaşmakdan çekinmäň. 1-2 iş güniň dowamynda Siz bilen habarlaşarys. Ýa-da bize jaň ediň

info@nmyoly.com+993 12 75 47 73+993 63 40 60 13

Biz siziň ygtybarly işewür hyzmatdaşyňyz bolup, Siziň ösüşiňize ýardam edip bileris.